22:40 Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde | |
|
Seredip dur bägülleriň içinden Poeziýanyň ägirdi. Öňünde ýigit bar, gyz bar, şahyr bar Hemem şägirdi. şahyr diýdi: "Bu gün ne gözel dünýe, - Gözel bar, güller bar, şägirt-dowam bar. Iň gowy goşgymy şu gün ýazmasam, Şahyrlygma Pyragydan zowal bar". Bägül diýdi: "Bu gün ne gözel dünýe Goşgy bar, gözel bar, hem ýaş juwan bar. Iň gowy müşkümi şu gün saçmasam, Bägül bolup döränime pygan bar". Ýigit diýdi: "Bu gün ne gözel dünýe, Şahyr bar, güller bar, ýene... biri bar. Şol gyza yşgymy şu gün açmasam, ýüregimiň egsilmejek zary bar". Şägirt bolsa diýdi: "Hol barýan gyzlar, "Ýaşkom" gazetini alýarmykalar. Şu günki sanynda çykan goşgulaň, Meniňkidigini bilýärmikäler?" Nurmuhammet ÝUSUBOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 31.05.1985 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
