21:54 Men geçmişe alyp gitjek başymy... | |
"Goýber geçmiş, geljegime gideýin..." Azat Nurgeldiýew. Goýber! Kakyp durma, el-aýagyma, Goýber! Böwet bolma meniñ ýoluma. Ümdüzine tutan umga deý mundan Başbozar täleýiñ syýyndan tutup, Nazaryñ kaklyşan jelegaýlary hatybizar kylyp, Gaçaýyn senden! Gideýin, barybir ümürli erte, Su:njak bolup dursa näbelli ykbal. Kim bilip dur, Öñümdäki öwrümde, Ýeñinde pyçagny gizlän bir betpäl Böwrümden sokjakmy, Arkamdan urjak... Ýogsa-da, eý geljek-näbelli geljek, Erte ykbalyma, Çagalaryma, Munda durar ýaly näm berip biljek? Internetmi, Uçýan awtoulagmy? Lazerli ýaragmy, Robot urşumy? Ýa-da kesek atyp del saýýaralyñ ketegine, Soñam ýow yglan edip Meni ugratmakmy ultra jeñlere? Aýtsana pyglyñy, Jahyl hyrşyñy?!.. Ýol bentlemäñ hajaty ýok, barybir Gitmäñ alajyny taparyn senden. Garañky geçmişiñ çañly gatyna Sumat bolup gidenimi gowy görýän Señ näbelli wadalarña garaşyp Germesatan halda şeýdip durandan... Iýip robotlaryñ metal şarpygyn (Beýnimizem gün geldikçe çürüşip) Ölüm howply ýokanç dertleñ wirusyn Içime siñdirip duraryn öýtme. Syraryn şöhratly düýnleñ serpigin! Soñlandyryp ençe-ençe eýýamy Täze eýýamlaryñ gapysyn açan Ata-babalarmyñ ýaşan döwrüne Giderin! Meñburnyñ, Alparslanlaryñ Goramaga çadyrynyñ daşyny! Goýber, geljek, Sende hiç zat göremok. Men geçmişe alyp gitjek başymy! Has TÜRKMEN. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 16 | 1 2 » | ||||||||||||
| |||||||||||||
1-15 16-16 | |||||||||||||