14:16 "Men goşgy ýazmaryn" | |
|
(edebi ýañsylama) "Men goşgy ýazmaryn şu günden şeýläk, Eñräbem durmasyn ýüregim zar-zar. Bilmese bir gyzyñ başyny aýlap, O goşgy, ol talant nämäme derkar". Nobatguly Rejebow / "Topragyñ tagamy", 52 sah. * * * Uzak gije azap beren goşgulam, Bilmedi bir gyzyñ başyny aýlap. Şonuñ üçin jar çekýärin adamlar, Men goşgy ýazmaryn şu günden şeýläk. Çaýly çäýneklermi sowadan goşgym, Iberdim gyzlaryñ gözelne saýlap. Şojagaz perini yraýan bolsam, Bir elpe-şelpelik etjekdim toýlap... Başga bir doñýürek gyzjagaz bolsa, Eliniñ tersine zyñaýdy şygry. Wah, bi yşgyñ ýodasynda adamlar, Ýyldyza ýörän dek bolaýýar ugrum. Talantam bar mende, bolanda näme, Bilmese bir gyzyñ başyny aýlap. Walla, çynym, ynanyñ siz adamlar, Men goşgy ýazamok şu günden şeýläk. Söýün AMANDURDYÝEW, Sakarçäge raýony. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
