
0
"Şeýtan"
Şu gün säher bilen Iş ýerimde işlän bolup otyrkam, Meniñ açyk duran gapymy kakman, Sorap bilinmedik islegme bakman, Şeýtan gelip girdi meniñ ýanyma. Ilki tanamadym, Bilip bilmedim, Näçe agram salsamda men añyma. Onuñ keşbi, Oñ görnüşi däl eken, Aýdyşlary ýaly şeýle bir myrtar. Gaýta bu şeýtanyñ şeýtan ýüzünde, Bu čaklar duşmaýan ýiti mähir bar. Edepli ekeni, Gelmedi ol alkymyma dykylyp, Onuñ orny boldy otagyñ künji. Ýöne men özümi oñaýsyz duýdum, Ynjalyk berenok maña bir ünji Soradym men ondan: Etdimmi ikilik Işimde, Durmuşda ýa-da ömrümde, Lebzim ýuwutdymmy adam satdymmy, Wezipe aldymmy Bir kişiniñ aýagyna ýykylyp? Ýa howpdan çekinip, Itdimmi başgany uçut gaýadan Yza çekilip? Soragyñ yzyndan sorag ýagdyryp Berýän sowallamdan barýan ýygrylyp. Şeýtan söz gatmady, Köp manyly garap otyr ýylgyryp. Dymdym öz soragma özün düwünip, Diñlemekçi boldum şeýtan buýrugyn. Ol bolsa ýerinden galdy-da sessiz, Sorag alamaty ýaly göterdi Ýete ýetip ýatan uzyn guýrugyn. Soñ bir sözem diýmän çykyp gitdi ol, Bu şeýtandan maña bolmady zowal. Müñ soragma derek goýup gitdi ol, Meñ soragma derek ýekeje sowal...
Akylyndan aşa düşen bu ynsan, Ynjan ynsabyna diýýärmi şeýtan?!
Ýazary:Orazguly Annaýew
|