10:37 Men Orta Aziýa | |
|
Men - Orta Aziýa. Dury asmanym Tämiz ýüregimi görkezýän aýnam. Garly Alatau hem Pamir, Köpetdag Belent başym ýaly egsilmez binam. Men - Orta Aziýa. Jeýhun, Syrderýa, Naryn, Murgap, Nurek damarym-ganym, Bir ýanym Mürzeçöl, Ýawan, Gyzylgum, Bir ýanym Garagum, Hazar bir ýanym. Men - Orta Aziýa. Yssym, sowgum bar, Sähram bar, çölüm bar, parlak gülüm bar Başga-da bir beýik gudrat bar mende - Ýüregmi ýyladýan nurly günüm bar. Men - Orta Aziýa Mende ýaşaýan Her ynsan eýesi egsilmez bagtyñ. Men - Orta Aziýa. Men bir pudagy Sowet ýurdy diýen äpet daragtyñ. Men - Orta Aziýa. Bütin kontinent Tutuşdyr - bolmaz oñ öñi, ortasy. Mende bir bagtly gün dogany üçin, Men tutuş Aziýañ nurly ertesi. Şäher BORJAKOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
