16:50 "Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." | |
|
Düýn şeýle bir goşgy okasym geldi, Nädeýin sesime jylaw çekilgi. Baş bitin eldeki bolmadyk sesim, Ýabanydy. ýabanydy, kejirdi. Erkimi eline alan ylhamym, Kapasa göwrämden çykdy daşyna, Mustangerim, mustang tutujylygym, Baş öwretjek bolup, düşdi peşine. Şeýle bir joşupdy, gamly ylhamym, Suwsan eken, poezýanyñ yşgynda. Konferens jañynda ganmadyk kalbym, Entegem, per bermän mustang ylhamym, Köräp-köräp, ýazylmadyk goşgymda, Men kowguda, a, ol bolsa gaçgynda. Gözlerimde ne şöwür bar, ne-de dynç, Açgözlükden tyrpyldady damarym, Men ilkinji gezek elime aldym, Şu wagta çen ulanmadyk galamym. Her setirim, sakaw gürlän ýalydy, Men şeýle bir goşgy okasym geldi... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
