09:21 Men türkmeni gözlerinden tanaýan | |
|
Men türkmeni gözlerinden tanaýan, Ol gözler meñ üçin mähirli hasam. Şol gözler dadyma ýetişýär meniñ, Käteler aljyrap, gam-dertde galsam. Men türkmeni gözlerinden tanaýan, Hem olañ öñünde edýärin tagzym. Näme jezañ bolsa çekerin, ýöne, Şol gözlerden aýra salmawer, Tañrym! Men türkmeni gözlerinden tanaýan, Özümi duýýaryn bagy-Eremde. Sebäp, özüm türkmen, Onsoñ neneñ men, Öz gözümi tanamaýyn göremde?! Ýemreli TUWAKOW. | |
|
| |
