16:38 Menem öýlenjek | |
Otyrdyk üýşüp, dostlarmyz bilen, Şagalaň guruşyp, aýdym-saz bilen, Birden, böküp turdy Agajan ýegen, Diýdi: rugsat bolsa, men-ä öýlenjek, -Rugsat Alladandyr, söz berme gury, Diýdikde, Gülüşdik dostlaryň bary, Bir görsek gahar edip, Atajan Nury, Diýýär: -nä gülýäňiz menem öýlenjek, -Dogry aýdýarlar, diýdi. Kijijek Bäşim, -Öýlenmäge ýetipdir meniňem ýaşym, Sallah bolup, galyň siz bäşi:ň Hak sözümdir dostlar, menem öýlenjek, Sallahlaryň sany bäş bolup galdy, Birdenekä, sanymyz dörde öwrüldi, Babyş Kadyram gülip, ýerinden turdy, -Rugsat bolsa dostlar, menem öýlenjek, Geň zat, öýlenýärler gezekme-gezek, Pikir etdim, indi men bolsam gerek, Onýança böküp turdy dost, Myrat Pirek, -Ýagşy niýet dostlar, menem öýlenjek, Üç bolduk, dymyşdyk, ses gelýär ýerden, Çydam edip bilmän, turdy-da birden. -Iki bolup galyberiň, diýdi-de Merdan, -Nesip etse dostlar, menem öýlenjek, Indi otyrys.... Ikimiz gülmän, oglanlar diýişdi: -Oturma, Görogly Pälwan, şonsuzama, sen soňuna galýaň, Olam diýdi: - Aý, näme, menem öýlenjek, Ahyry maňada gezek berdiler, -Sen öýlenjek dälmi? diýip, sorag berdiler, Sorag berip meni совсем goýdular, -Hany aýt, dostum haçan öýlenjek, -Nämä otyrsyň? tur-a Remezan, Bir zatlar aýdaý, diňläli senäm, Ýa-da aýt, sende ýokmydyr sonaň, -Hägä... Dostlar, ýogsam öýlenjek, Agalar, sallah bolmak örän kyn eken, Onda-da, dostlardan galaýsaň ýeke, Weşeň-weşeň puluň, kän bolsa eken, Onda dostlar, bir däl, ikem öýlenjek, Ýene, rugsat bolsa, üçem öýlenjek, Dörde, bäşe, alta, ýed-ä ýetirdik, Birini başarmak kyn şolam ýeterlik. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |