21:51 Meniñ andym | |
Gaýdyp indi barman seniň ýanyňa, Indi barman seň ýanyňa hiç haçan. Köpgatly jaýdaky seniň galaňy, Täze gulp dakylan täze gapyňy Başgalar açar, Başgalar ýapar. Goý, indi ýatmasa ýatmasyn gyzyň, Otursa otursyn, çeksin suratyn. Bu gün başga ýana diýip ugradym, Ýene-de aýlanyp gapyňy tapdym, Kakdym, Gapyňy açdyň-da, Kalbyňy ýapdyň. Juwan bolan bolsam, ýene gelerdim, Belki men gitmezdim ine, şu ýerden. Ýöne garrapdyryn indi, ezizim, Gatnap, gatnap seň ýüregňe düşerden, Aňym kütelipdir, Ýa akylly men Bu zatlara düşerden. Kişiň dünýäsine düşünmek çetin, Birhili ýaşaýar ömrüni her kim. Islegimiň garşysyna gitmäge Mundan öň mydama ýeterdi erkim. Aýtmasamam saňa, Duýýadym mydam Diňe seniň bilen özümi erkin. Merdi gören bolsam eger ömrümde, Olar meniň duşan aýallarymdyr! Eger ýene bir gün kakylsa gapyň, Men däldirin, Meniň hyýallarymdyr... Orazguly ANNAÝEW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
