17:22 Meniñ dilim | |
|
Dilim seniñ barlygyña guwanýan, Guwanýan sag-aman ýaşap ýörenñe. Ähli dile sarpa goýýan-da bolsam, Maña dil gerek däl seniñ deregñe. Agdaramsoñ taryhlaryñ gatyny, Indi hakykaty anyk bilýän men. Dünýä ýitigleriniñ birisi bolup, Meniñ bagtym-dilim, has ýiten eken. Köp çykypdyr duşman onuñ kastyna, Hilesin, pirimin, gylyjyn tijäp. (Ýoklapdyrlar onuñ ýigrimi bäşini - Il anynda bişen-miwesin süýjäp). Seljuk bolup, Nedir bolup bir çaklar, Ýat illere äkidenler bar ony. Ýöne olar seni ýitiripdirler, Tagtyny, möhrüni ýitiren güni. Dilim, gadymýetden galan baýlygym, Gören görgim, alan galam, gylygym... Hem halkymyñ mydam baky bolmagna, Sensiñ meniñ ýalñyz mümkinçiligim. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
