17:45 Meniñ monologym | |
![]() Egnim gymmatbaha lybaslam bolsa, Adamlañ öñünde durun ýalañaç. Ýigrimi ýyl hiç maksatsyz ýaşadym, Maña çalym etdi miwesiz agaç. Garaşmak her näçe agyram bolsa, Nämädir garaşyp ýadadym ýördüm. Garaşdym irginsiz, çünki garaşman Ýaşadykça hasam agraldy derdim. Adamlardan öwrenmegiñ deregne, Şol garaşdym ýördüm, aşan dek añkam. Sähel artyk bilsem, agraldy ýüküm, Ujypsyz bildim-de, ýaşadym añsat. Bu gün adamlaryñ öñünde dyza Çöküp, men olardan ötünç soraýan. Hem-de olar üçin galan ömrümde Aýdym aýtmaklyga rugsat soraýan. Men aýdym aýtmaly gowudan-gowy, Erbet aýtmaga ýok meniñ hakym. Adamlar erbet zat hödür etmändi, Meniñ gowy zady gereklän çagym. ...Bogazymy arçap, düşýärin ýola, Uly ýoluñ başy bol sen ýigrim bir! Dilimiñ senasy - mährem adamlar Ýolda ýetirerler meniñ ýugrummy. Bäşim ÖDEKOW. "Ýaş kommunist" gazeti, 1967 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |