10:52 Meşrebiň gazallaryndan nusgalar gazallar | |
|
(1640 — 1711) ■ Çagda Kyldy maňa bir ýylgyryş tötänden bakan çagy, Bu ýylgyrşa dini we dünýäni satan çagda. Magşuk diýdi: <<Ynanamok seniň bu yşkyňa>>, Gaýrat tygy birle, ýüregimni açan çagda. Gam dagynda Perhat kimin azap çekip, Başyma bela teşesi degip men, ýatan çagda. Meşrep, ugrunda men perişan ýörer idim, Ol aý çykyban perde göterdi, bakan çagda. ■ Örtär Eger aşyklygym aýtsam, köýüp janym jahan örtär, Bu yşk syrym beýan etsem, ýene ol hanyman örtär. Kişige yşk odundan zerre düşse bolar girýan, Bolar sabyrsyz — takatsyz, ýürek-bagryn heniz örtär. Niçik takat kylaý, dostlar, bu dert ile bolup haýran, Gamy başga, gussa başga, ýüregimi pygan örtär. Haýsy dil birle eý janan, seniň waspyň beýan eýläý, Dilim lal-u, gözüm girýan, süýeklermi güýçli örtär. Bu dert bilen harap boldum, gelip halymy sormas sen, Sesim çyksa ýürekden bu teni-jan süňk örtär. Özbekçeden terjime eden Söýün Abdylla. Alynan çeşme: Kümüş Razakowa, Gurbanberdi Welbegow. Edebiýat 10-nji synp okuwçylary üçin derslik. Taşkent 2017. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
