07:31 Metjit | |
Näçe döwran ötürdiň sen, üstüňden, Egniň gysyp batdygyça hijrana. Jezitlik eýleýip, aşdyk hetdinden, Mal gabadyk mährabyňa, hüjräňe. Gümmeziň, minaraň üstüňe çökdi, Seni görüp oba çekdi hyjalat. Dogrusy, ýykmaga ýetmedi hetdi, Ýöne her kim duýup dur bir „Yşarat“. Gijeler deňiňden geçmek, hyllyla, Gündizlerem gezip ýörüs, ýöne sen, Dursuň ýel-ýagmyra, çabga yrgyldap, Sebäbi sen metjit, sebäp, köne sen. Köne bolsa biziň öler jynymyz, Hökman omurmaly, täze gurmaly. Biz şeýdip omurdyk ähli çynymyz, Bar zat täze, indi näme gurmaly. Täze guranlarmyz dargady gitdi, Azansyz ýetmiş ýyl sürdük döwrany. Emma, metjitsize şah çykman geçdi, Şol ýyllarda öwrendik biz döwmäni. Indi kem-kem düşünýäler bar zada, Könesiz täze-de bolmaýan eken. Metjidi görmedik nesil, dünýäde, Belli zat, kem-kemden ownaýan eken. 20.10.1991. Öwezdurdy NEPESOW. Surat: Medine Safari / "Metjit" | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
