03:42 Mitropolitiñ öz bagyndan sowgat ibereni Ogarýowaga | |
|
Bag miwesin sowgat iberip saña, Öwünjeñ, haýasyz mitropolit, Özün baglañ piri öýdüp, hamana, Bizem ynandyrjak bolýar ol pelit. Meger, ony däliretmek gerekdir Näz edip, ýalandan ýylgyran bolup. Kösendirip, oýun etmek gerekdir Oñ şylharan duýgularyny oýaryp. Jady gözleriñe baksa, bozulyp, Oñ añkasy aşar, haçyn eder har. Soñ uçmahy gözelligñe çokunyp, Bir täsin heñ bilen dogalar okar. A. S. Puşkin Terjime eden: Atamyrat Atabaýew | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
