10:01 Möjek bilen Towşan / basnýa | |
![]() Iýemzok manty, börek, kebaby, Çaga-da düşnükli onuñ sebäbi. Otlap ýören mal görermiñ aýatda, Möjek ketde bor-da et kombinatda. Häsiýetnama gerekmikä möjege, Agzy ýetse gulagyny iýjege. Düýäni ýuwudýa köşegi bilen, Ýuwudýa çopany eşegi bilen. Iýmedik gezegi daýaw öküzi, Ýokdur semiz öweçleriñ dokuzy. Köpem bolsa kombinata giren yz, Emma çykan yzy gören ýok heniz. Ýeri bolýa, etden üzýäs tamany, Ýatdan çykdy gitdi onuñ tagamy, Indi döwür gök iýmäniñ zamany. Kemyrsgal dogulsañ ol owal-başda, Towşan direktor bor "Plodowoşda", Gözüni ýaşardyp soganam bolsa, Iýýä tutuş sostaw soganam bolsa. Ete, göge naýynsaplar geçer-de, Ne bol zatlañ bereketi gaçar-da. Ministr ýol bermez galp iýjege, Towşanyñ kürsüsin berdi Möjege. Diýdi: "Jezañy çek, açgöz salaty". Towşana tabşyrdy et kombinaty. Şondan soñ Towşan-a tüýs ete geçdi, Öñkiñ çeni hem däl, has öte geçdi. Çal Möjek şat bolup geçensoñ göge, Telpegi tozýança zyñdy ol göge... Möjek, Towşan uzak gije ýatmaýar, Ikiarada goñşy okara gatnaýar. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |