18:37 Mollamyz | |
|
Gaba sakgaly bar bir misginsokar, Doga okap ili aldar mollamyz. Öz ýanyndan kimi dowzahda ýakar, Kimsini jennete ýollar mollamyz. Sebäp bilen eger barsañ öýüne, Düşer senden ýonmaklygyñ küýüne. Iki gözi meñzär çakgyñ çüýüne, Torba sakgalyna ellär mollamyz. Durmaz seniñ üçin jany agyryp, Nahar berseñ oñar käte çagyryp, Pugta doýup, uly-uly gägirip, Käte agzyn açyp pallar mollamyz. Bir gün edip gördük şeýle synagy, Dolduryp köjeden uly çanagy Berdik tamdyr çörekden üç sanagy Lak-luk atdy, gaty ýaldar mollamyz. Sowady ýok, duza demin ýöreder, Aklyk diýip elleriñe sereder, Bir pul üçin haýyr işi şer eder, Şer işe haýyr diýp goldar mollamyz. Ömürboýy bet pyglyna eýerip, Kim ölerkä diýip otyr keýerip, Ýok dünýäniñ hüýr gyzlarna öýerip, Sähedinem özi bellär mollamyz. Ilden gizlese-de bozuk pälini, Bilýäs indi sapalagyn, alyny. Terekä sal diýseñ ýetim malyny, Özü-de bir paýdyr, tellär mollamyz. Aklyk üçin diýer näme diý diýseñ, "Dogalarña düşünýärmiñ hiý" diýseñ, "Beýdip ýörmän senem işläp iý" diýseñ, Gaşyn çytyp, ýüzün sallar mollamyz. Ata KÖPEKMERGEN. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
