14:08 Mollanepes | |
Gaflat ukusynda galdyň, Oýan imdi, Mollanepes! Kä sargaryp, gähi solduň, Oýan imdi, Mollanepes! Hijran bile bagr daglaşar, Seni görsem diýp çaglaşar, Söwer ýaryň çoh aglaşar, Oýan imdi, Mollanepes! Bu dünýäge dürler doldy, Aýlar ýaşdy, günler galdy, Turgul imdi, wagt boldy, Oýan imdi, Mollanepes! Bir ýar geldi alma-narly, Bilbil zenahdan, güftarly, Gaflat ukusynda zarly, Galdyň, oýan, Mollanepes! Sen çekip sen köp pyraky Bu dünýä imesdir baky, Ýaradypdyr hijran oky, Degdi, oýan Mollanepes! Ýat eýlegil söwer ýary, Ak göwsünde alma, nary, Çolanmyşdyr zülpi-tary, Oýan imdi, Mollanepes! Gara gözler seň kastyňa, Mahmal ýazdy ýar astyňa, Ala öýme, al üstüňe Atdy, oýan, Mollanepes! Ýeter erte magşar güni, Gagşadar janlary, teni, Ýar ukuda diýip, seni, Öpdi, oýan, Mollanepes! Sen galyp sen ýürek daglap, Biliňni hijrana baglap, Ýufar alyp, köp sylaglap, Sepdi, oýan, Mollanepes! Nepes, gelgin sen huşuňa, Köp oýun geler başyňa, Emaý bilen ýar daşyňa, Duzak gurdy, Mollanepes! | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
