23:14 Mollasumakdan | |
Ýeñil eklenç girdi onuñ düýşüne, Tapjak bolup agram saldy huşuna, Sowuklygam geldi onuñ işine, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Sylasynlar diýip sakgal goýberdi, Gyýma balak bilen dony hem geýdi, Telpegem geýmeli içinden diýdi, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Metjide barmaly asly päk ýürek, Şu zady bilmeklik hemmä-de gerek, Hudaýam aldajak bolma biderek, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Elham, Yhlas sürelerin ýat tutdy, Manysyna düşmän söhbetem etdi, Bilýänsirän bolup çeninden ötdi, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Kündügini süýräp syrtyny ýuwdy, Şondan soñ özüni arassa duýdy, Ýüregniñ kirini ol kime goýdy, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Sadaka eşitse şol ýere ýetdi, Tebärek okajak ugruny tapdy, Näçe berer diýip pikire batdy, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Şeýle mollasumak dünýäni tutjak, Gurhany ters öwrüp yslamy ýakjak, Puluñ ujun görse doñuzam bakjak, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Akýürek mollalar bu diniñ bady, Gurhan ýaragydyr yslam binýady, Şu iki zat bolar diniñ kuwwaty, Türkmen halas bolsun mollasumakdan. Meýlis HASAR. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
