19:59 Näz bilen elini agzyna goýdy | |
|
Söýgülim sallanyp seýrana çykdy, Ogrynça göz dikip, ýylgyryp bakdy. Naýza dek kirpigin parran geçirip, Ýüregmiñ ujuna bir uçgun dakdy. Ýanýardy gözleri ot dek ýalpyldap, Gowşatdy süññümi, galdym galpyldap. Emaý bilen ädim urup sallandy, Bil inçe, göwsi biraz ýellendi. Gara gözün süzüp, zülpün sypanda, Ak ýüzünde gara haly bellendi. Lak atmak isledim, tutuldy dilim, Haraý isleýän dek uzady elim. Diýdim: ''Saña bir arzym bar, eý, dilber, Dertli men, dermany... lebiñden bal ber. Gel, gözel, ýigitlik arzuwym sensiñ, Gyk bakma, rehim et, gel, maña el ber!'' ''Aýyp bor, beýle söz aýtma'' diýdi, Näz bilen elini agzyna goýdy. 1931 ý. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
