01:43 Noýabr geldi | |
|
Daglaryñ başyna sellesin orap, Güýz nepesi bilen noýabr geldi. Argyn tebigatyñ halyny sorap, Oña gujak geren noýabr geldi. Mele ýerde ýatyr baglañ balasy, Ganat açyp, uçdy bilbil lälesi, Ýellerde ýañlanyp gyşyñ nalasy, Daýhana güýç beren noýabr geldi. Türkmen sährasyny örtüp dumana, Buldy ýorgan edip ýapdy asmana, Otuz günlük ýola gadam basmana, Mydam ruhubelent noýabr geldi. Aşyklaryñ şäherini arzuwlap, Aşgabadyñ dostluk ýollaryn suwlap, Görki bile şahyr ýüregmi awlap, Ylham bolup ýene noýabr geldi. Meýlis GARAÝAJEW, Aşgabat şäheri. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
