23:24 Oglan bilen kör | |
|
Oglan tirkäp barýar, Batyl gojany. Kör ýagdyrýar sowal üste sowaly, Ýaňyja dil biten çaga mysaly. Seret, oglum, töwerekde näme bar? - Ata, hon-ha, çagajyklar oýnaýar, Birisiniň topy bar, Beýlekide oýnawaç. Gökde bolsa gaýyp ýör, Hezil edip garlawaç. - Seret, oglum, gözleriňe döneýin. Bu köçede ýene täsin näme bar? Oglan diňe öz görenin sanaýar. - Pişijegi kowalaýar gürjüjik, Özem, ata, olar örän kiçijik... Şeýdip oglan öz görenin sanaýar, Kör dünýäni çaga bolup synlaýar. Annaguly NURMÄMMEDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
