07:07 Ogrynyñ ölümi | |
![]() Käte ýeke çykyp gijeden gijä, Käte şägirtlerin yzyna tirkäp, Gijeler ogurlap towukdyr jüýje Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp. Asyl bir aba däl onuň çürkäni, Köp ýerlere ýeten eken yzasy. Ahyr bir gün… Ajaýyp bir ýaz güni Dolanmyşyn o bendäniň kazasy. Üýşüşip bir ýere ilen, çalany, Däbe görä öwenmişin öleni: -Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, Ahyrýetde hemra bolsun imany. Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi, Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni. Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi, Däbe görä öwenmişler hemmesi. Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň Ýeke özi galanmyşyn seretse. Onsoň bu-da öwenmişin özüçe: “Ogryjady, ogrujady neresse…” Halyl KULYÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |