16:54 Oguz han paýhasy | |
Oguz pähimi ygtykat hem din Çünki ylahdan, pygamberdi ol! Ony göz öñüne getirmek-de kyn, Çünki oda-suwa, ýele-ýagmyra Uýup ýören dünýä dünýä deý beýik Pygamberlik parasadyn berdi ol! Gün han diýip at dakdy ol ogluna, Aý han diýip at dakdy ol ogluna, Göterip Aý bilen Günüñ ornuna. Gök han diýip at dakdy ol ogluna, Dag han diýip at dakdy ol ogluna, Olar zemin bolup, olar dag bolup, Arka durmalydy oguz kowmuna! Ýyldyz han diýp at dakdy ol ogluna, Deñiz han diýp at dakdy ol ogluna. Çünki olar deñiz bolup owsunyp, Ulus-ili äkitmeli gowluga. Nuruñy saç, Aý han! Nuruñ saç, Gün han! Siz parlap synasy owadan dünýäñ! Aç sen, Gök han, syrdan doly gujagyñ, Dag han, göter Ýyldyz hanyñ deñine, Men gark bolup dünýäñ pelsepesine, Galyp Oguz hanyñ mertebesine, Oguz han atamyñ paýhasy bolup, Bu dünýäniñ depesinden uçaýyn. Akyl ýetireýin gadym dünýäniñ Ylahy paýhasly pygamberine! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
