11:53 Omar Haýýamdan rubagylar | |
Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý, Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý, Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman, Güzeran pes bolsa, şol günüme waý! *** Eger-de uzatsam zülpüňe elim, Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim, Zülpünde görüp men däli göwnümi, Öz ýesir göwnüme uzatdym golum. *** Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň, Gelerden-geçerden kem ýat edeliň, Gam laýyna batan bu ýesir göwni Akyl duzagyndan azat edeliň. *** Gülüň möwsümidir, baga gideliň, Şerigata garşy bir iş edeliň, Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň. *** Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni? Görküň utandyrdy aý şöhlesini, Gözeller baýram diýp ýüzün bezese, Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony. *** Sopulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr, Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr, Dünýä ganymyzy içmezden ozal, Üzümiň ganyny içen ýagşydyr. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
