10:54 Ömrümde köp gezek satylyp gördüm... | |
|
Ömrümde köp gezek satylyp gördüm, Ýöne heniz ynsan satyp görmedim. Göripleriñ didiwanly gözünden Ençe gezek jaýdar atylyp gördüm. Ýöne beýle ýarag bolmansoñ mende, Entek duşmanymy atyp görmedim. Degmedige, degene-de degmedim, Pesiñ ýüzün görmek üçin öñünde Hiç haçan öz belent başym egmedim. Bähbidimiñ göwnün awlajak bolup, Durmuşda başgany aldap görmedim, Belki, mydam öz göwnüji aldadym, Göwün çüýşesini döwene degmän, Ejirini diñe özüm añladym. Hoş sözümi gaýgyrmadym hiç kimden, Ýöne hiç kim peşgeş bermedi gülap. Dogry sözüm ýol almady kän gezek, Çekdim onuñ üçin men çökder güzap. Tirsek bilen ýol açmadym özüme, Belentden has belent wezipä dyzap. Herki zadyñ möhleti bar, çägi bar, Bu gün çyg çekipdir ot berýän çakmak. Meni tanaýarlar dilleşen ýaly, Maña bir agyzdan diýýäler akmak. Belki, has başgaça pikir edýändir, Aýdýandyrlar hälem aýtjagnyñ ýaryn. Geñ galmaly ýeri, bu gün men olañ Pikri bilen doly ylalaşýaryn... Orazguly ANNAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
