08:15 On ýedimiň bahary | |
|
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni. On altymdan on ýedime ýetirdiň. Hiç unudyp bilmen asyl men seni. Hawa, seni gördüm on alty gezek. Emma on ýedimiň bahar-ýazyny, Aýdym ýaly gursagymda göterip, Dutar alyp çalaryn oň sazyny. On ýedi ýaşymda gül açan bahar, Maňa giň durmuşyň şa ýolun açdyň, Deňiz bolup joşýan gül ýaşlygyma Baky gülgüzarly nuruňy saçdyň. Sagbol eziz bahar, sagbol geregim, Ýyldan ýyla saňa alkyş sözlärin, Urmasyn goýýança meniň ýüregim, Giň durmuşa gadam basan baharym, On ýedimiň baharyny gözlärin. 1967 ýyl. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
