16:52 Öñüm tümlük... | |
|
Öñüm tümlük, Ýöne umytlam ýagty, Çümüp barýan, çäksiz arzuw-hyýala, Hasaply ömüriñ, bihasap wagty, Lezzetini duýýar, göwün-pyýala, Şekim ýok, şübhäm ýok, ajy hakykat, Geleninde garşy aljak şat bolup, Bir pursatlyk gülkä beren ömrümi, Uzak wagtlyk ýaşar ýaly ýatlanyp, Güý:z geldi, Barha gysgaldy ömür, Habaryn ýetirýär sowujak şemal, Bag:t gözläp, gussa batan gözümden, Akýan gözýaşlaryñ lezzetini al. Ýylgyrýan haçanda deñimden geçse, Sabyrsyz ýigitler, nowjuwan gyzlar. Düýn beren sowalym, Ertire garap, Jogabyny görýär, görmejek gözler. Remezan MÄMETGURBANOW. 02.11.2022 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
