19:28 Öwüt-nesihat hakynda hekaýat | |
|
Atasy oglunyň gulagna guýan: «Şeýle ýaşa oglum, şu günden buýan! Durmuşda ýeňilme, peselme hiç wagt, Şonda geler saňa söýgi hem bagt! Daga dyrmaşan dek öňe git diňe, Mydama ynamyň bolsun özüňe. Kyn günde aljyrap, hasrata batma, Hergiz öwüt-nesihatym unutma!» Ogly onsoň, bilini berk guşapdyr, Lellimlikden, erksizlikden boşapdyr. Ynam bilen gelejege ätläpdir, Elmydama atasyny ýatlapdyr. Hiç ýan bermän ençe menziller aşan, Uzak ömür sürüp, bagtly ýaşan... Ruhubelent durmuş edinseň kada, Göreşip ýetersiň maksat-myrada. Eziz YKBAL. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
