|
ÖÝMÜZIÑ BILBILI Biziň öýde bir gül bar, Bagdaky gülden gowy. Onda süji bir dil bar, Saýrak bilbilden gowy. Göterýäris biz ony Bökdürip elden-ele. Şatlygmyzyň ýok çeni, Wasp edýäs dilden-dile. Gulpaklary tylla dek, Öwşün atýar ýüzüne. Eje-ata diýýäs bek, Guwanýarys sözüne. Oýnan oýnuna uýýas, Ol ynsanyň körpesi. "Watan şiri bor" diýýäs, Beýik onuň sarpasy. Pomma NURBERDIÝEW.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 690 |
Добавил: Garaýolly
| Теги:
| Рейтинг: 4.0/3 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|

0
Bu elbetde iñ süýji zat.Ilki perzent,soñra-da agtyk söýüp şu süýjülikden datmak her kime nesip etsin.
|

0
Şyhmyrat agam, soňky wagtlar dymýaňyz. Agtyjak buýsanjyňyz barada öz goşgularyňyzdan ýetirjek dälmisiňiz?
|
|
|
|