08:23 Öz sözüm bar | |
|
Gül ömrüñ geçip gidensoñ, Öküneniñ haýry näme?! Mahmyt Zamahşary. Gül ömrüñ geçip gidensoñ, Öküneniñ haýry näme?! Eý, köñlüm! Heniz gedem sen, Oýlan, hossar-saýry näme?! Diýdiler: "Durmuş ýaryşdyr, Utulmaklyk ýaman işdir". Öz sözüm bar ~ şol ýeñişdir! Başga bagt barmy näme?! Kalba ýakyn saz görünýä, Ýar gözünde näz görünýä. Kime dünýä az görünýä, Bu giñ jahan darmy näme?! Ruhum belent hem pes pälim, Barýan ýolum mese-mälim. Aşyklyk ~ meniñ ykbalym, Ýogsa söýmek kärmi näme?! Çykdym bir zat gözlemäge, Hetdim ýokdur gizlemäge, Bildigimden sözlemäge, Juda beýle irmi näme?! HAS TÜRKMEN | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
