22:37 Özbek-türkmen dostlugy | |
Neneň guwanmaýyn, bu gün üstümde, Rahat asmany bar özbek-türkmeniň. Kalba Hak nuruny mäkäm paýlaýan, Dini – Gurhany bar türkmen-özbegiň. Nejmeddin Kubra, Gorkut ata pir, Jelaleddin, soltan Temir Jahangir, Nowaýy, Pyragy, Andalyp şahyr, Ylmy mirasy bar özbek-türkmeniň. Görogly, Alpamyş, Tahyr we Zöhre, Şasenem hem Garyp nusgadyr hemmä, Wamyk bilen Uzra, Saýatly-Hemra, Şeýle dessany bar türkmen-özbegiň. Dini, ýeri, Güni hem asmany bir, Derýasy bir, gaýrasy bir, jany bir, Ortada bir tamdyr, daşgazany bir, Nesibe nany bar özbek-türkmeniň. Garaşsyzlyk gülüp bakdy, bagt çüwdi, Şäherler gül açdy, görküne geldi, Aşgabat Daşkende gujagyn gerdi, Köşki-eýwany bar özbek-türkmeniň. Gurbannazar Eziz, Sirojiddin Saýid, Gözel Şagulyýewa hem Mahmyt Taýir, Ýürekden wasp edýän dost-doganlygy, Şahyr Kurbany bar türkmen-özbegi. Kurban MUHAMMETRIZO. Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |

