14:07 Özüme | |
|
Döwrüm, eý, gözel döwrüm, Depämde etdiñ öwrüm, Haýry-halal içinde - Geçip barýar-la ömrüm. Güýji gitdi dyzlaryñ, Yzda galdy ýazlarym, Ahmyrym ýok, kinäm ýok - Razy boluñ sallarym. Ah, çamanlar, çamanlar, Awundyrdy ýalanlar, Baryn aýdyp durandyr - Başa düşen gyrawlar. Güýzde ýapraklar täner, Arzuwlar - garrar, synar, Gaçyp barýan keýikden - Saýa küýsedim näler... Saýa nirde, geçipdir, Ötegçi guş uçupdyr, Watanym hem ilim bar - Diýmek, ýollar açykdyr. 29.01.96 ý. Orazguly ANNAMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
