08:06 ÖZÜME GOÝ | |
|
Berdim ahyr ýüregim, Erkimi özüme goý. Bolsaň-da sen geregim, Erkimi özüme goý. Ähli zatda bar hasap, Bolma beýle biynsap, Barsam-da küýsäp-küýsäp, Erkimi özüme goý. Dönsem-de matal-çözgä, Meýlim ýok başga-özgä, Dözseňem beýle döz-mä, Erkimi özüme goý. Şol dälmi edýän şahyr, Ýaş görkezýän hem jahyl, Menem degmedim ahyr, Erkimi özüme goý. Söýýän dogrusyn aýdar, Özüçe ýörer-ýortar, Alsaňam durmaz, gaýdar, Erkimi özüme goý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
