17:07 Penjirämden daşda Bibliýa okaýan gysga ýubkaly gyz | |
|
GYSGA ÝUBKALY Ýekşenbe, men greýpfrut iýýärin, sowuldy günbatarda prawoslaw buthana.. Asly gündogarly, Garaýagyz gyz, Bibliýadan sowulyp goýungözleri, ýene dikilýär. Naşyja ,gyzyl-gara kitaby okadygyça aýaklaryn yraýar ol, yraýar, Oýnaýar ýuwaşjadan sazlaşykly tansyny, Okaýarka Bibliyany. Uzyn tylla yrgalary; Goşa bilezikleri her goşarynda, Onuň gysga ýubkasydyr öýdýärin: Tenine syrlaşyp duran hem ýüzleý güne ýanan derisi deý ýuka matany, O ýana, bu ýana towlanjyraýar, Bürünçreňk aýaklar çoýunýar güne. Bu bolşundan gözüň üzüp bolmaýar, Islemersiňem. Radiomda ýaňlanýar Oňa eşdilmeýän nusgawy mukam, Ýöne, onuň telwas urşy akýar simfoniýanyň akymy bilen... Ol — garaýagyz, ol — sarymaňyz, Okaýar Hudaý barada. Men — bolsa Hudaý. Çarlz BUKOWSKIÝ. Terjime eden: Serdar AÇYLOW. | |
|
| |
