03:47 Perwana men | |
Ýok, men közjagaz däl, uçgunjygam däl, Ýa bir şem yşgyna gelen perwana. Gijeleriñ Aýa uçuşy ýaly, Uýýan şol gözeliñ yşk permanyna. Ýok, men otjagaz däl, ataşjygam däl, Ýa şahyr däl söz saýlara dürdäne. Her gün Günüñ dogjagyna uýmuş deý, Bir gyzyñ yşkyna uýýan merdana. Men bir gyzda dörän yşkyñ ýalyny, Ýokdur bu yşkymy söndürip biljek, Ýedi gat ýer, arşyñ-kürşüñ üstünde Ýok meniñ söýgimi syndyryp biljek. Şeýle wepa üçin, şeýle yşk üçin Dadyp gördüm dodaklaryñ abyny. Şol gyz ýüregine päk söýgimi hem Nagyşlap ýazypdyr meniñ adymy. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
