10:55 Pyhy Tagan bilen Gurban Wehiminiň aýdyşygy: | |
|
Gelýärmiş garrylyk Hazary böwsüp, Zaluwat, öňünden çykawer, Pyhy! Päli bet geçmänkä Balkandan towsup, Seňrigne ykjamlap kakawer, Pyhy! Pyhy: Garrylygy garşylaryn gül bilen, Gaşym çytyp ýüzne urman, Wehimi. Duşdan geçirerin, ony ýol bilen, Oň bilen tirkeşip ýörmen, Wehimi. Wehimi: Ýaşamagyn hemme kişä dert bolup, Ýok edeliň ol belany mert bolup, Gitsin, oň ýüzleri garaört bolup, Batyrlyk tohumyn ekewer, Pyhy! Pyhy: Gorkma, garrylyk gelýär diýip daşdan, Mert ýigit baryny geçirer başdan, Näleri agdardy goşa ýanbaşdan, Ol meni hem goýmaz arman, Wehimi. Wehimi: Goç ýigitler abraý bolsa, at bolsa, Başy göge ýeter il-gün şat bolsa, Şol garrylyk ýanyp duran ot bolsa, Üstünden suw bolup akawer, Pyhy! Pyhy: Girdi girdabyna Göroglyň kyrky, Rüstem Zal, Süleýman ederdi gorky, Isgender dek ärleň üzüldi örki, Hata boljak ýokdur görmän, Wehimi. Wehimi: Gaýduwsyz, gahryman, şir boljak bolsaň, Dostuňa wepaly är boljak bolsaň, Bu işde Gurbandan zor boljak bolsaň, Ýeňiş baýdagyny dikewer, Pyhy! Pyhy: Gelse gelibersin, seňrigne kakman, Pyhy diýr öňünde men dyza çökmen, Müň derde em tapan ol Hekim Lukman, Ol derde tapmandyr derman, Wehimi! | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
