01:27 Razy men bu dünýäden | |
|
Ömür boýy pikir edip, Diýjek sözüm diýip gitsem. Watan duzun doly haklap, Beren duzyn iýip gitsem. Razy men bu dünýäden, Üşän wagty ojar bolup, Dostum üçin köýüp gitsem. Müň gözeli gowy görüp, Bir gözeli söýüp gitsem. Razy men bu dünýäden, Ýamanlara diken bolup, Ýüreklerine batyp gitsem. Al gül bolup ýagşylaryň, Toýlaryny tutup gitsem. Razy men bu dünýäden, Ajal bilen dikleşemde, Aglap däl-de, gülüp gitsem. Bu dünýäde artyk bolman, Kem boljagymy bilip gitsem. Aşyrguly BABAÝEW | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
