20:36 Romans | |
![]() Çolaja bir ýerden çykarman sesin, Sandyrap gijara bir çigrekli güýz, Betbagt söýginiñ gizlin miwesin Golunda göterip barýardyr bir gyz. Ümsümlikdi ㅡ daglar, tokaýlar, düzler, Gijäniñ tümünde ukuda dünýä. Bar zada gorkuly bakýardy gözler, Tümde töwerekde-daş gorkunç görünýä. Aýak çekdi ol uludan alyp dem Hem bigünä perzendine seredip, Diýdi: ''Sen entejik ukuda, balam, Bihabar sen çekýän jebrinden ejeñ. Ajygyp oýansañ, sermeläp tapmaz Ak elleriñ ejeñ süýtli göwsüni. Ertir, balam, seni öz ejeñ öpmez, Ýersiz ýere atarsyñ sen owsuny. Gözläniñ haýp bolar, tapmarsyñ ony!.. Maña baky utanç öz günäm meniñ. Belki, sen ömürlik undarsyñ meni, Ýöne men unutman, eý, dünýäm meniñ! Indi ýat adamlar hossaryñ bolar Hem diýerler saña: ''Sen bize saýry!'' Sen bizi sorarsyñ: ''Nirede olar?'' Tapmarsyñ, çekersiñ endişe, gaýgy. Betbagt sen! Oglanjyklañ ýanynda Gam çekersiñ, oýa batarsyñ her dem. Göwnüñ synyk, hesret bolar janyñda, Näumyt bolarsyñ mähriñden eneñ. Ähli ýerde ýalñyzlygny duýarsyñ, Elmydama gargarsyñ şum ykbala. Gyjyt çekip, öz-özüñi iýersiñ, Ine, şonda meni bagyşla, bala! Belki, bir gün duşarsyñ öz ataña, Dowamat gözlegdir ýetimiñ paýy. Sen şonda göz ýumup meniñ hatama, Unudyp gursakda orn alan dagy, Diýeweri: ''Enem seni agtaryp, Çydam etmez ýowuz hijrandan ýaña, Bu dünýäden ötdi ㅡ diýgin ㅡ sargaryp''. Şeýdip bir ýagşylyk eýlegin maña. Nämeler samraýan, belki, ulalyp, Aýyply eneñe duşarsyñ ýene. Şonda seni tanan çagym uýalyp, Bakan wagtym, rehim etgin eneñe. Ýalbarmakdan peýda bormy pelege?! Ýok, ol meniñ nalyşyma bakmaz hiç. Aý, ýok, indi duşma ýokdur eneñe, Duşmak ýokdur ahyreýýama deñiç! Ýatyrsyñ sen, bagtsyz balam, oýanma, Soñky ýola basýan seni bagryma. Adalatsyz kanun ýowuz bolanda, Aýralygy salar eken bagtyña. Ýaşa sen şatlygyñ gadryny bilip, Aý-ýyllar eliñden almanka heniz. Ýat, ezizim! Ajy gam-hasrat gelip, Señ bagtyñy batyl etmesin hergiz!'' Agaçlañ üstünden Aý göge galyp, Golaýda bir külbä ýagtysyn saçdy. Şonda ýaş enäniñ reññi saralyp, Ejizledi, halys ysgyndan gaçdy. Gapa golaý gelip, çala egilip, Ýaş çagany ýat gapynyñ öñünde Goýdy-da, gorkudan lerzana gelip, Ýitip gitdi gara gijäñ tümünde. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. ■ EPIGRAMMA (Fransuzça öýkünme) Meni halys ýesir etdi seniñ aýalyñ, Ýesir etmezçe-de däldi katdy-jemaly. Ýöne şeýle üç aýaly berse ykbalym, Şeýtana mugt bererdim olañ ikisin, Üçünjisin almaga-da ol razy bolar ýaly. Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |