SAÇLY GYZLAR
Biz hem geldik tomaşaňa,
Boýy uzyn saçly gyzlar.
Elleri elwan hynaly,
Gyýma galam gaşly gyzlar.
Aýaklary terbiýetli,
Elleri hyna boýagly,
Uzyn boýly, al ýaňakly,
Gyýma galam gaşly gyzlar.
Gider iline, iline,
Men gurban inçe biline,
Çykaly bagyň seýline,
Eli toty guşly gyzlar.
Aşyk Oraz diýer, näzlim,
Boýny ördek, guba gazlym,
Şirin tilli, bal agyzlym,
Hünji-göwher dişli gyzlar.
Oraz AŞYKY.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 294 |
Добавил: Jeksparro
| Теги: Oraz Aşyky
| Рейтинг: 5.0 /1
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 3
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Şu goşgyny Özbegistanyň we Türkmenistanyň Halk artisti, bagşy Babamyrat Hamdamow aýdym edip aýdýardy öýdýän?!
0
Menem şunuň aýdym edilip aýdylanyny eşidipdim, goşgusy aýdyma gabat gelýär. Emma kimiň ýerine ýetirenini bilemok...:)
0
bu goşgyny ilki Özbegistanyň we Türkmenistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aýdypdy, häzir Sähetmämmet Rejepbäýew aýdýar. gowy goşy, aýdymam gaty gowy işlenipdir.