15:37 Meniñ şygyrlarym | |
Şygyrlarym ýürekdäki ganymdyr, Duýgularym güwläp ýanan ot ýaly. Olardan aýrylmañ, olar janymdyr, Olar meniñ durmuşymyñ ak ýoly. Olarsyz durmuşyñ ýok gam-gussasy, Şygrym dälmi şat durmuşyñ kyssasy. Şygyrlarymda men çekýärin hasrat, Döke-döke gözden gyzgyn ýaşymy. Käte bolsa görýänsiñiz bolýan şat, Guwanç bilen belent tutup başymy. Men wasp edip agalary ýazamok, Hars urup gözlämok şany-şöhraty, Illere düşnüksiz şygyr düzemok, Gözeldir şygyrlam, ýönekeý gaty. Ýazan şygyrymy halka bagş edýän, Mydama kinesiz ýürekden syzyp. Halk ýaşaýşyn setirlerme nagş edýän, Olañ durmuşynyñ manysyn ýazyp. Abul-Kasam ŞABBY, tunis şahyry. Terjime eden: Ö.Babaýew. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
