10:34 Sallahlyk durmuşy bilen hoşlaşma | |
Hoş, meni bagyşla, köneje dostum, Sallahlyk durmuşy, hoş gal sen indi. Bileje geçirdik ýigrim bäş ýyly, Heý, hoşlaşman giderinmi men indi! Wepaly hemdemim meniň ýanymdan Baky gidýär diýip, ýüzüňi çytma. Ýaşlygmy seň bilen deňje paýlaşdym, Kämillik ýaşyma eliňi gatma! Oýnap-oýnap göwün solpudan çykdyň, Ýadadym, wagt ýetdi, göwräm dynç alsyn. Ezizimiň eli düşegim bolup, Onuň ýumşak göwsi ýassygym bolsun. Ýaş dostlarym maňa sataşan wagty, Gülki bilen seredýärler ýüzüme. Halyma gynanyp geçip gidýärler, Meňzeş diýip ýetişmedik üzüme. Dogrudan-da, bolup ýörşüm gözgyny, Muny men özüm hem oňat duýýaryn. Şol ýürek bulanjy meýhana indi Agşamlarna gatnamamy goýýaryn. Söýmeli men ýalňyz meni söýýäni Dünýäniň ýüzünde birje syrdaşy, Emma ol meýhanaň jelepleriniň Her haýsynyň bar müňlerçe oýnaşy. Alla ýaryň bolsun, sallah durmuşy, Gaharlanyp öýkeleme sen menden. Ertir men ýeňsämi görkezjek saňa, Bokurdagma çenli doýgun men senden. Baýdagyňy äkit başga ýerlere, Oňa indi täze esgerler gerek. Ala baýdagyňy aga çalşyrdym, Aýalymyň ak ýaglygy ol baýdak. Şandor PETÝOFI, wenger şahyry. Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |