21:41 San bolsam | |
|
(Magymguly Pyragynyň äheňinde) Ýaşap ýörün, emma arzuwlarym kän, Watana mynasyp goşandym goşsam. Mätäje seredip, göwnüni tapyp, Hassa söýeg bolup, ýürekden joşsam. Şahyrlaň şahyry Magtymguly dek, Jahany aýlanýan goşguly bolsam. Bag içinde ajap bilbil saýylan, Andalyp dek dessanly, joşgunly bolsam. Watanyny jany deýin goraýan, Seýdi dek gahryman-serkerde bolsam Kemine, Mätäji, Zelili deýin, Halkyna-il güne mähriban bolsam. Azady, Magrupy, Şabende deýin, Şygyrlarym bilen halkymy çoýsam. Talyby, Zynhary, Mollanepes deý, Söýgi setirlerden çemenler bogsam. Kerbaba, Mollamurt, Ata Salyh deý Onlap eserleriň ýazary bolsam, Halyl Kuly, Gurbannazar, Kerim deý Halkyň söýgüsiniň nazary bolsam. Çary Aşyr, Aman, Şaly Kekill... deý, Şygyrlardan romanlary döretsem. Döretsem dünýäni goşgulam bilen Suwsan göwünlerde ajap ýer etsem. Galmazdy göwünde megerem arman, Etsem-pessemlerden saplanyp bilsem. Size hormat goýýan, halypalarym, Siziň deňiňizde men hem san bolsam. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
