09:01 Saña | |
|
Çöşlenmejek bolsa bu gara saçlar, Nämäme derkar? Aýlanmasa bagtdan bu juwan başlar, Bolar dünýe dar. Gabaklarym gözüm ýapar, garşylykly nazara Biygtyýar. Bu gün gör-ä, señ dildaryñ, Sensiz intizar. Özgä nesip bolan ýarym, Gynanma sen, bagtly bol! Indi biziñ aramyzda Beýik ynsap, Hormat bar. ■ Goşgy okap bereýin Gel, ezizim men saña Goşgy okap bereýin. Gözleñden özüm hakda Yşgy okap bereýin. Gel-de ümsüm otur sen, Diñle, bölmän sözümi, Setirleñ arasyndan Gözle dünýäm özüñi. Sora, aýyp görmerin Düşünmeseñ sözüme, Mümkin añsat görersiñ Dogry baksañ ýüzüme. Ýöne meniñ yhlasym Setirlerden gözleme. Syr bolmasyn arada Senem menden gizleme. Möhre garyp ýüregmiñ Syryn açaýyn saña. Ynjan ýürek ynjalsyn Şu zatlar besdir maña. Gözel SARLY GYZY. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
