10:13 Saña barýan ýol | |
Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Saý-sebäbe çalşyp bilmen, öt günäm. Al kakdymy, çirk getirdim kalbyma, Şeýdip, kägün boldum munda betgüman. Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Tün gijeler garbap aldy käýarym. Öz yşkyňy kem etmäwer gursakda, Şoldur meni Saňa eltjek täk barym. Şüweleňe, şagalaňa badygan, Nebsim mydam haý-höwese sersepil. Köňül bolsa Saňa tarap möwç urýar, Sensiz bolsa kyn. Özüň gorap, Senden başlan ýolumy, Huzuryňda jemlemäge döz meni. Kalbymda Seň nuruň çogsun çog ýaly, Ýa dünýäden üz meni... Aýjahan ANNABAÝEWA. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
