06:38 Şemiñ monology | |
|
Gyşyň ilki güni, ilkinji gezek Näzik tenim emaý bilen otladyň. Darajyk öýüňe şöhlämi ýaýyp, Diňledim. Sen geçen günleň ýatladyň. Gür berýäň, garaňky penjirä bakyp, Söýgiň bilen süren ömrüň hakynda, Şol gysga bagtyňdan galan nyşanyň – Ýalňyz gyzyň – Güljahanyň hakynda. A men bolsa... Garaňkyny kowjak bolup daşyňdan, Barha alawlaýan, barha düýrügýän, Ýanmak üçin berlen ömrüň gussasy Ýaňagymdan gözýaş bolup syrygýar. Ýigrim ikä ýetmän agaran saçlaň Sypaýasym gelýär, garalar ýaly, Balaňy penalap, üstünden ganat Ýaýaýasym gelýär, boý alar ýaly. Gabaklaň galdyryp maňa bakaňda, Gözleriňde ýanýan ýalnym oýnady. Uzyn kirpik deňiz ýaly dideleň Inçe umyt uçgunlaryn boýlady. Emma birden gizlediň sen olary, Usul bilen turup gitdiň, geň edip. Bilmedim, ýa örtemejek bolduňmy, Meniň eýýäm ýanýanymy unudyp. Indi asyl-asyl hiç wagt sönmerin, Däl aýdymlam meniň gysga heň üçin. Sönüp, özgäň ýakmagyny islämok, Ýeke gezek ýandym, o-da seň üçin. Orazgül GURBANOWA. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
