22:28 Sen, bahar we men | |
|
Bahar bulutlaryñ goýy kölgesi, Hyjuwly ýagyşy tutdy barlygy. Köñülleriñ çuññur-çuññur gatyndan, Umytlar ýaprak dek serpdi ýaglygy. Sähranyñ üstünden aýlanýar bulut, Yzlap-gözläp gowaçalañ gämigin. Şemal uzaklara kowalap barýar, Çigitleriñ boşan ýeñil gabygyn. Garlawaçlar salam gowşurýar ýere, Gök otlara galtaşdyryp perlerin. Baglar begenjinden baş yrap otyr, Syrykdyryp monjuk-monjuk derlerin. Geçmişdäki gussalara örklenip, Oý edeli bakyp daragtlara Wagtyndan giç gelen bahar çalymdaş Wagtyndan has giç ýazylan hatlara. Süýjäp-süýjäp giç oýanan duýgular, Gijigen nika dek artdyr hümmetin. Seniñ şu dünýäde bardygyñ bilsem, Çekmerin hiç ýalñyzlygyñ külpetin. A sen, göýä güýzki ýaprak mysaly Gursagyñda galan saçlarym çöpläp. Guşlary, asmany, bakylygy söý, Duýgularyñ ýitmez ýaly kerepläp. Sähra güllerini aralap gaýdan, Şemal çawuş çakýar daragtlara. Wagtyndan giç gelen bahar çalymdaş, Ikimize hupbar beren hatlara. * * * Gursagyma ýerleşmedik aýdymym Seniñ gözleriñe siñip galypdyr. Deregine ýeten söýgi serpaýy Meniñ üçin el ýetmejek baýlykdyr. Başyn bulda çatan uzyn derekler, Utanjañ gyz kimin otyr sülmüräp. Söýgim bolup tolkun atýar gök peller Gursakdaky arzuwlaryn gül büräp. Hyýallarym deñiz küýsän guw bolup, Uçup gitdi kalbyñdaky mekana. Indi yza dolanma ýok hiç haçan Menzillerde boşap galan dükana. Gün neşteri gözleriñden syçyrap, Naýza bolup gursagymda galypdyr. Seniñ üçin geçilmeli menziller Diñe maña nesip eden şalykdyr. Miwe TUWAKBAÝEWA. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
