23:38 "Sen bolsañ..." | |
Dünýämiziñ şeýle uçurymlaşyp, Kä ýerde daralyp, käte giñelşip, Ýaşaýyşyñ juda çylşyrymlaşyp, Durmuşyñ düşnüksiz durka girjegin, Adamlaryñ bir-birinden irjegin. Hem wepasyz dostlañ köpeljegini, Göwün atly Käbäñ ýykyljagyny, Sorup loly dünýäñ kyrk emjegini, Agzyndan süýt ysy gitmedikleriñ, Magtanyp eden-u etmediklerin. Ýok gepiñ çişirip esseme esse, Mugt paýlaýarka desseme desse, Her öñýeten çyndyr öýdüp esetse, Öýkeni bäş teññä geçmeýänleriñ, Saçagyñda agnap syçmaýanlaryñ agzyndan goýberip soñky pohuny, Heşelle kakjaklañ turzup göhüni, Äwmesem-de ol namartlañ gohuny, Kalba salan ýaralaryn sypalap, Bir gözeli jandan söýüp, apalap. Soñ elden giderip delmuryp herýan, Ýar hasratyn çekip, gözlerim girýan, Ýa bilemok, seniñ ýanyña barýan, Agyr ýükden ýagyr bolupdyr arkam, Sen bolsañ beýle-de bolmazdy, kakam. Ýa şeýle boljagyn duýup gitdiñmi, "Baş alyp çyk!" diýip, goýup gitdiñmi, Ýa bu ýalançydan doýup gitdiñmi?!. Bilýän-ä men, ýokdy zatdan hederiñ, Eý meniñ merdana, eziz Pederim!.. Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 15 | |||||||||||||||
| |||||||||||||||
