22:33 Seniñ adyñ | |
Gaýta-gaýta seniñ gaýtalap adyñ, Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünyäde — Sen çykyp bileñok ýadyndan ýadyñ: Kä gussaly gelýäñ, käte — gülýäñde. Bulutlardan ýasap seniñ keşbiñi, Maña pitjiñ atýar bezzat şemalam; Tolkunlaram, aýdyp menden eşdenin, Adyñ bilen özün urýar kenara. Altyn çaýyp deñiz bilen asmana, Gün çümüp gidensoñ durkuna deñziñ, Ýyldyzlaram, bir-birinden öñürdip, Kä adyñy ýazýar, kä çekýär meñziñ. Ömrüm üçin demi bolan ýaşaýşyñ — Señ adyñda Poeziýañ heñi bar, Onsoñ, men nireden tapmalymyşym Señ adyñy unudara ygtyýar?! Gamlanmaga bolsa bahana-da ýok, Ynjytmakdan gorkup, gaçyp gaýtsamam, Hemme zatdan halas eden deñizde Dert bolmakdan gutularyn öýtsemem... Ine-de, duýgymdan joş alan tolkun Çägä ýazyp gitdi seniñ adyñy... Ýa señ adyñ, gorkup unudarymdan, Meñ ýadyma özün ýazan jadymy? Bilemok, Bilmäge goýañok dadym, Ejizligme kinaýaly gülýäñde — Ýadym gaýta-gaýta gaýtalap adyñ, Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünýäde.. Çary ATAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
