09:36 Serdar bolsa birimiz | |
|
Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden, Artdyr biziñ şöhratymyz, şanymyz. Altmyş gardaş bolsak mährem eneden, Bir supraga(1) el uzatsak barymyz. On bäşimiz awlagyny awlasa, On bäşimiz baştutanlyk eýlese, Otuzymyz misli aga söýlese, Içimizde serdar bolsa birimiz. Bir ýigit silkinip ata müninçä, Dönüp-dönüp gylyjyny salynça, Kapyr gelip, bir ýigidi alynça, Müñ kapyra gylyç salsa barymyz. Garajaoglan diýr, diläliñ aman, Ol belent daglary büredi duman, Munda Gurhan, ahyrýetde hem iman, Zowalsyz jennete girsek barymyz. ■ Türkmen gyzy Ala gözli türkmen gyzy Çeker gider göçlerini. Dararmyş, gerdene dökmüş Altyn ýüpek saçlaryny. Hatarynda guba maýa, Jemalyn meñzetdim Aýa, Ak göwsüne çekmiş saýa, Bezär gider başlaryny. Garajaoglan, gyz söýmüş, Ak göwsi göwsüne degmiş, Kümüşçi ussalar egmiş Ýaryñ helal gaşlaryny. Hasan GARAJAOGLAN. ㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡㅡ 1. Supra - saçak. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
