23:31 Şeýle gelipdir, şeýle gitmesin... | |
|
Ähli ejeler - ejeleriñ gözeli, Sen - gözelleñ gözeli! On üçde çykdyñ äre Meni dogurdyñ on bäşde. Ýigrimalty ýaşyñda Dünýäden açdyñ ara. Söýgi dolup-daşýan ýüregim üçin Saña ömürbaky minnetdar, eje. Ýeke suratyñam galmady mende Günädi, Surata düşmek-de küje. Ne kino görüpdiñ, ne-de teatr. Tok, yşykly gaz, suw, peç... bularyñ, Hiç birisi ýokdy Zar bolduñ peje. Ne deñze suwa düşdüñ Ne okap-ýazybildiñ. Gözel gözleñ, Gara bürenjegiñ añyrsyndan bakdy dünýä. Ýigrimalty ýaşyñda Ölüp gitdiñ ýaşaman... Ejeler indi ýaşamazdan ölmeli däl... Şeýle gelipdir, Emma şeýle gitmeli däl! Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
